Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gurbanlyklaryň üçin Men seni ýazgarjak däl, ýakma gurbanlyklaryň dyngysyz Meniň öňümde. Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden, ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan. Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki. Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny, meýdan jandarlarynyň bary Meniňki. Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn, çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki. Öküzleriň etini iýýärinmi Men? Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men? Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaýa beren kasamlaryňy berjaý et. Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda». Reb şeýle diýýär: «Köp gurbanlyklaryňyzyň Maňa haýry nä? Goçlardan berlen ýakma gurbanlyklaryndan, baga bakylan mallaryň ýagyndan doýdum. Öküzleriň, guzularyň we erkeçleriň ganyndan lezzet almaýaryn. Näme üçin Maňa Şebadan ýakymly ysly tütetgi, uzak ýurtdan hoşboý ysly gamyş getirilýär? Ýakma gurbanlyklaryňyzy kabul etmerin, sadakalaryňyz-da turmaýar göwnümden». Maňa gurbanlyklar getirýärler, gurban kesýärler, ýöne eti özleri iýýärler. Reb olardan razy däldir. Indi olaryň günäleri ýatlanar. Etmişlerine görä jeza berler. Olar Müsüre dolanarlar. Men baýramlaryňyzy ýigrenýärin, äsgermeýärin, mukaddes ýygnanyşyklaryňyzy asla halamaýaryn.
Выбор основного перевода