Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Süleýman faraonyň gyzyndan başga-da mowaplardan, ammonlardan, edomlardan, sidonlylardan, hetlerden birtopar keseki aýallara aşyk boldy. Ol şeýle hem öz hudaýlaryna ýakymly ysly tütetgi ýakyp, olara gurbanlyk berer ýaly, ähli keseki aýallary üçin hem seždegähler gurdy. Asa patyşa hatda ejesi Magakany melikelikden mahrum etdi, çünki ol Aşera üçin ýigrenji but ýasapdy. Asa Aşera butuny kesip, Kidron deresinde ýakdy. Siz ogurlyk edýärsiňiz, adam öldürýärsiňiz, zyna edýärsiňiz, ýalandan ant içýärsiňiz, Bagal butuna sadaka hödür edýärsiňiz, tanamaýan başga hudaýlaryňyzyň yzyna eýerýärsiňiz. Soňra şu nejis işleri etmek üçin Meniň adym dakylan öýe gelip, huzurymda durup, ‘Biz halas bolduk!’ diýýärsiňizmi? Ýahudanyň galalarynda, Iýerusalimiň köçelerinde olaryň näme edýändiklerini görmeýärsiňmi? Çagalary odun ýygnaýar, atalary ot ýakýar, aýallary hamyr ýugrup, asman melikesi üçin köke bişirýär. Bu halk başga hudaýlara içgi sadakasyny hödürleýär. Bu zatlar Meniň gaharymy getirýär. Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz aýallaryňyz bilen birlikde asman melikesine tütetgi ýakmak we oňa içgi sadakasyny hödürlemek üçin beren wadamyzy berjaý ederis diýip, agzyňyz bilen aýtdyňyz we eliňiz bilen etdiňiz. Bolýar, hany beren sözüňizi ýerine ýetiriň-dä, wadaňyzy berjaý ediň-dä!“.
Выбор основного перевода