Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol gün Rebbiň şahasy gözel, şöhratly bolar; ýurduň miwesi Ysraýylyň aman galanlaryna buýsanç hem abraý bolar. Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar. Sen bilen seni dogran ejeňi özüňiziň dogulmadyk ýeriňiz bolan başga ýurda zyňaryn, şol ýerde-de ölersiňiz. Siziň şu ýurda ýene dolanasyňyz geler, ýöne oňa hiç wagt ýüzüňiz düşmez». Ornaşmak üçin Müsüre gitmegi karar eden her kes gylyçdan, açlykdan we mergiden öler. Başlaryndan inderjek betbagtlygymdan hiç kim diri galmaz we hiç kim gaçyp gutulmaz“. «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz Meniň Iýerusalim bilen tutuş Ýahuda şäherleriniň başyndan inderen betbagtçylyklarymy gördüňiz. Siziň özüňiz, ol şäherliler we ata-babalaryňyz tanamaýan başga hudaýlaryňyza ýakymly ysly tütetgi ýakmaga, olara gulluk etmäge gidip, Meniň gaharymy getirdiňiz. Şol sebäpli, ine, bu gün şäherler weýran boldy we ilatsyz galdy“. Şonuň üçin Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men üstüňizden betbagtlyk inderip, tutuş ýahuda halkynyň soňuna çykmak kararyna geldim. Gylyçdan gaçyp gutulan diňe az sanly adamlar Müsür ýurdundan Ýahuda ýurduna gaýdyp gelerler. Müsüre ornaşmaga gelen ýahuda halkyndan aman galanlar şonda Meniň sözümiň ýa-da olaryň sözüniň amala aşýandygyny bilerler. Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar.
Выбор основного перевода