Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Gaty gaharlanma, hemişelik ýatlama ýazygy, ýa Reb, ählimiz Seniň halkyňdyrys, muny nazara al! Bu halk hakda Reb şeýle diýýär: «Olar, hakykatdan-da, aýlanyp gezmegi haladylar, aýaklaryna dynçlyk bermediler. Şonuň üçin Men-Reb olardan hoşal däldirin. Indi olaryň etmişlerini ýatlaryn, günäleri üçin jezalandyraryn». Men içerik girip seretdim, diwaryň töwerek-daşyna her hili süýrenijileriň, ýigrenji haýwanlaryň we ysraýyl halkynyň ähli butlarynyň suratlary çekilendi. Olaryň öňünde bolsa ysraýyl halkynyň ýaşulularyndan ýetmiş kişi durdy. Olaryň ortasynda Şapanyň ogly Ýazanýa durdy. Her haýsynyň elinde ýakymly ysly tütetgi gaby bardy. Tütetginiň ysy bulut kimin ýokary göterilýärdi. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Waý halyňa! Seniň halyňa waý! Ähli pislikleriňden soň, her bir açyk meýdançada özüňe çadyr we seždegäh saldyň. Şonuň üçin hem Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Siz jenaýatlaryňyzyň üstüni açmak bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Ähli işleriňizde günäleriňizi görkezmek bilen ýazygyňyzy ýatlatdyňyz. Şonuň üçin zorluk bilen ele düşersiňiz. Olaryň ähli pislikleri Meniň ýadymda. Olar muňa üns bermeýärler. Indi olary eden işleri gurşaýar. Eden işleri gözümiň öňündedir.
Выбор основного перевода