Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler. Emma babyllylaryň goşuny patyşanyň yzyndan kowup, Ýeriho düzlüginde yzyndan ýetdi. Patyşanyň bar goşuny onuň ýanyndan gaçyp, dagaşyp gitdiler. Onsoň babyllylar patyşany tutup, Ribla getirdiler. Şol ýerde Babyl patyşasy oňa höküm çykardy. Olar Sidkiýanyň ogullaryny onuň gözüniň alnynda öldürdiler. Onsoň olar şol ýerde Sidkiýanyň gözlerini oýdular-da, zynjyr bilen baglap, Babyla alyp gitdiler. Mundan soň Ýahudanyň patyşasy Sidkiýany, onuň emeldarlaryny, bu şäheriň ilatyny uruşdan, açlykdan we mergiden aman galanlaryň baryny Babyl patyşasy Nebukadnesaryň, öz janlarynyň kastyna çykan duşmanlarynyň eline bererin. Nebukadnesar olary gylyçdan geçirer, olary gaýgyrmaz, olara haýpy gelmez we ýüregi awamaz. Muny Reb aýdýandyr“. Seni janyňyň kastyndakylaryň, gorkýan adamlaryňyň eline, Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen babyllylaryň eline bererin. Emma babyllylaryň goşuny olaryň yzyndan kowdy we Ýeriho düzlüginde yzlaryndan ýetip, Sidkiýany tutdy. Onsoň babyllylar ony tutup, Hamat ýurdunyň Ribla galasynda bolan Babyl patyşasy Nebukadnesaryň ýanyna getirdiler, ol hem Sidkiýa barada höküm çykardy. olaryň janlarynyň kastyna çykan Babyl patyşasy Nebukadnesar bilen onuň serkerdeleriniň eline tabşyraryn. Şondan soň Müsür gadymkysy ýaly ýene ilatly bolar. Muny Reb aýdýandyr“. «Eý, ynsan ogly! Ýüzüňi Müsür patyşasy faraona tarap öwür-de, oňa we bütin Müsüre garşy pygamberlik et. Oňa Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Eý, Müsür patyşasy faraon! Sen derýalar boýunda ýatan äpet aždarha kimin: ‘Nil meniňkidir, ony özüm üçin ýaratdym’ diýýäň! Men saňa garşydyryn. Seniň äňleriňe çeňňekler sokaryn we derýalaryňyň balyklaryny teňňeleriňe ýapyşdyraryn. Teňňeleriňe ýapyşan balyklar bilen birlikde seni derýalaryňdan kowup çykararyn. Seniň özüňi we derýalaryňdaky ähli balyklary çöle taşlaryn. Sen açyk meýdanda heläk bolarsyň, ol ýerden ýygnalmarsyň we hiç kim saňa eýe çykmaz. Men seni ýabany haýwanlara we ýyrtyjy guşlara şam ederin. «Eý, ynsan ogly! Men Müsür patyşasy faraonyň goluny döwdüm. Ol şypa tapar ýaly daňylmady ýa-da gylyç tutmak üçin güýje geler ýaly oňa sargy saralmady. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Men Müsür patyşasy faraona garşydyryn. Men onuň iki elini hem: sagdyn elini-de, döwük elini-de syndyryp taşlaryn, elindäki gylyjyny gaçyraryn. Men müsürlileri milletleriň arasyna pytradaryn, olary ýurtlaryň arasyna dargadaryn. Babyl patyşasynyň gollaryny güýçlendirip, gylyjymy onuň eline bererin; emma faraonyň gollaryny döwerin. Faraon Babyl patyşasynyň öňünde agyr ýaraly adamyň iňňildeýşi kimin iňňildär.
Выбор основного перевода