Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine kowalaşyp, pis ýüreklerine görä hereket etdiler. Ilerlemegiň deregine gaýra tesdiler. Emma olar diňlemediler, gulak asmadylar, gaýtam, kesirlik bilen öz ýaman niýetlerine eýerip, hersi özüçe hereket etdi. Munuň üçin Men bu ähtiň ähli sözlerini olaryň başlaryndan inderdim. Men olara bulary berjaý etmegi buýrupdym, emma olar etmediler». Olar ýene-de sözlerime gulak asmak islemedik ata-babalarynyň etmişlerine tarap dolandylar. Başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk etdiler. Ysraýyl we ýahuda halky özleriniň ata-babalary bilen eden ähtimi bozdular. Bu pis halk kesirlik bilen öz isleglerine kowalaşyp, sözüme gulak asmak islemeýär. Olar başga hudaýlaryň yzyna düşüp, olara gulluk we sežde edýärler. Şonuň üçin olar hem hiç derde ýaramaýan şu guşak ýaly bolarlar.
Выбор основного перевода