Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Emma Öz tükenmez rehimdarlygyň bilen olary bütinleý ýok etmediň ýa-da terk etmediň. Çünki Sen merhemetli, rehimdar Hudaýsyň. «Üzümçiligiň içinden geçip, ony weýran ediň, emma bütinleý ýok etmäň. Şahalaryny döwüp taşlaň, olar Rebbe degişli däldir. Men hatda şol günlerde-de seni bütinleý ýok etmerin. Muny Reb aýdýandyr». Ony harabaçylyga dönderdiler, haraba içinde huzurymda aglaýar. Tutuş ýurt weýran boldy, emma hiç kimiň piňine-de däl. Çöldäki ähli depelere talaňçylar geldiler. Çünki ýurduň bir çetinden beýlekisine çenli Rebbiň gylyjy heläk eder, hiç kim aman galmaz. Men seniň bilendirin, Men seni halas ederin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Saňa adalatly temmi bererin, emma jezasyz-da galdyrmaryn». Muny Reb aýdýandyr. Gorkma, eý, gulum Ýakup, çünki Men seniň bilendirin. Seni aralaryna dargadan milletlerimiň baryny ýok etsem-de, seniň soňuňa çykmaryn. Emma saňa adalatly temmi bererin, seni jezasyz galdyrmaryn. Muny Reb aýdýandyr». Ilatly galalar weýran bolar, ýurt haraba döner. Onsoň olar Meniň Rebdigimi bilerler“». Muňa garamazdan, ol ýerde gaçyp gutulan ogullaryňyz we gyzlaryňyz galdyrylyp, ol ýerden çykarylar. Olar siziň ýanyňyza bararlar, siz olaryň erbet ýollaryny we işlerini görüp, Meniň Iýerusalimiň başyna salan ýamanlygymdan, başyndan inderen zatlarymdan teselli taparsyňyz.
Выбор основного перевода