Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Meniň sözüme gulak asandygyň üçin, ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesilleriň arkaly pata alarlar“» diýdi. Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň we Onuň adyndan ant içiň. Hudaýyňyz Rebden gorkuň, diňe Oňa gulluk ediň, Oňa bil baglaň, Onuň ady bilen ant içiň. Onuň ady baky ýaşasyn, Gün astynda onuň ady güllesin, ähli halklar onda ýalkansyn, ähli milletler oňa, goý, bagtly diýsin. Ysraýylyň bütin nesli Rebde aklanar, şöhratlanar. Ýurtda özüne ak pata beren, hakykat Hudaýynyň adyndan pata berer; ýurtda ant içen, hakykat Hudaýyndan ant içer. Öňki hasratlar unudylyp, gözlerimden gizlener». Halkyma Bagalyň adyndan ant içmegi öwredişleri ýaly, özleri-de halkymyň ýollaryny yhlas bilen öwrenip: „Rebden ant içýärin“ diýip, Meniň adymdan ant içmegi öwrenseler, onda olar-da halkymyň arasynda ornaşarlar. Şunlukda, Mukaddes Ýazgylarda ýazylyşy ýaly: «Öwünýän diňe Reb bilen öwünsin».
Выбор основного перевода