Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men daglar üçin aglaýaryn, ahy-‑nala çekýärin, çölüň örüleri üçin ýas tutýaryn, sebäbi olar harabalyga öwrüldi, ol ýerden geçýän ýok. Mal-garalaryň sesi eşidilmeýär, guşlar-da, haýwanlar-da gaçyp gitdiler. Çünki demirgazykdan bir millet oňa garşy çykar, ol onuň ýurduny harabaçylyga öwrer, onda hiç kim ýaşamaz. Ynsan-da, haýwan-da ondan gaçyp gider». «Ýer ýüzünden bar zady bütinleý syryp-süpürjek. Ynsanu-haýwany, gökdäki guşlary, deňizdäki balyklary süpürip taşlajak. Pisleri büdretjek, ynsany ýer ýüzünden ýok etjek». Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода