Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen meni bütinleý ýuw ýazygymdan hem-de tämizle meni günämden. Meni käkilik oty bilen arassala, bolaryn men päk, meni ýuw, bolaryn men gardan hem ap-ak. Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň. Diňle, eý, ýer ýüzi. Bu halkyň başyndan betbagtlyk indererin. Bu olaryň eden niýetleriniň miwesi bolar, sebäbi Meniň sözlerime gulak asmadylar, taglymatymy bolsa ret etdiler. Meýdanda we depeleriň üstünde seniň eden nejis işleriňi: zynahorlygyňy, esräp kişňeýşiňi, haýasyz loluçylygyňy gördüm. Dat günüňe, eý, Iýerusalim! Tämizlenmegiň üçin, ýene näçe wagt gerek saňa?!» Hudaýa ýakynlaşyň, Ol hem size ýakynlaşar. Eý, günäkärler, eliňizi günäden tämizläň. Eý, ikigöwünliler, kalbyňyzy päkläň.
Выбор основного перевода