Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sidkiýanyň patyşalygynyň dokuzynjy ýylynyň onunjy aýynyň onuna Babyl patyşasy Nebukadnesar bütin goşuny bilen Iýerusalime hüjüm edip, onuň garşysynda düşelge gurdy. Olar Iýerusalime girmek üçin, onuň daş-töwereginde ýapgyt gurdular. Şeýdip, Sidkiýanyň patyşalygynyň on birinji ýylyna çenli Iýerusalim gabawda durdy. Dördünji aýyň dokuzynjy gününde şäherde açlyk artyp, ýurduň ilaty iýmäge çöregem tapmady. Galanyň diwarynyň bir bölegi duşman tarapyndan ýykylypdy. Babyllylar galanyň daş-töweregini gurşap alan bolsalar-da, Sidkiýa ähli esgerleri bilen gije patyşanyň bagynyň gapdalyndaky iki diwaryň arasyndaky derwezeden çykyp, Iordan deresine tarap gaçyp gitdiler. Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar. Emma bu halk tekepbir we pitneçi. Olar azdylar, ýoldan çykdylar. Çopanlar sürüleri bilen onuň ýanyna gelerler. Çadyrlaryny onuň daş- -töwereginde dikip, her kim özüniň öri meýdanynda otlar.
Выбор основного перевода