Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
pygamberler galp pygamberlik edýärler, ruhanylar olaryň görkezmesi bilen dolandyrýarlar. Meniň halkym bolsa muny söýýär. Emma bu zatlaryň soňy gelende näme edersiňiz?» Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir». Şonuň üçin hem bu pygamberler barada Reb şeýle diýýär: «Men ýollamasam hem Meniň adymdan pygamberlik edip, „Bu ýurda gylyç we açlyk gelmez“ diýýärler. Emma bu pygamberleriň özleri gylyçdan we açlykdan heläk bolarlar. Onsoň Ýermeýa pygamber Hananýa pygambere şeýle diýdi: «Eý, Hananýa, indi eşit! Seni Reb ýollamady, emma sen bu halky ýalan geplere ynandyrdyň. Şonuň üçin hem, Iýerusalimden Babyla sürgün edilen baryňyz Men-Rebbiň sözüni diňläň“. «Nehelamly Şemagýa Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Sen Iýerusalimdäki ähli halka, Magaseýanyň ogly Sepanýa ruhana we ähli ruhanylara öz adyňdan hatlar ýollap, şeýle diýdiň:
Выбор основного перевода