Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Reb maňa şeýle jogap berdi: «Pygamberler Meniň adymdan ýalandan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym. Olara Men ne buýruk berdim, ne-de olar bilen gepleşdim. Olaryň size edýän pygamberlikleri galp görnüş, biderek palçylyk bilen öz ýürekleriniň hilesidir». Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Araňyzdaky pygamberleriňize, palmanlaryňyza özüňizi aldatmaň, siziň üçin görýän düýşlerine gulak asmaň. Olar size Meniň adymdan ýalan pygamberlik edýärler. Olary Men ýollamadym, muny Reb aýdýandyr“. Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Siz ýalan sözlediňiz, boş görnüşler gördüňiz, munuň üçin Men size garşydyryn. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
Выбор основного перевода