Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýehu daşa çykyp, patyşanyň serkerdeleriniň ýanyna gelende, olar ondan: «Eýgilikmidir? Bu däli seniň ýanyňa näme üçin gelipdir?» diýip soradylar. Ýehu: «Bu adamyň kimdigini we onuň gürrüňlerini özüňiz bilýäňiz-ä!» diýip jogap berdi. Ýedinji ýylda Ýehoýada ruhany Kari goşunynyň ýüzbaşylaryny we köşk garawullaryny öz ýanyna Rebbiň öýüne çagyrdy. Onsoň Ýehoýada şol ýerde olar bilen äht edişdi we olara ant içirip, soň Ahazýa patyşanyň ogly Ýowaşy olara görkezdi. Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi. Rebbiň öýüniň baş gözegçisi Immeriň ogly Paşhur ruhany Ýermeýanyň bu sözleri pygamberlik edenini eşitdi. Onsoň Paşhur Ýermeýa pygamberi urdy we Rebbiň öýündäki ýokarky Benýamin derwezesinde aýaklaryna künde saldy. Olaryň jeza günleri geldi. Olaryň hasap bermeli günleri ýetdi. Ysraýyl muny bilsin. Etmişleriniň agyr bolany üçin, ýigrenjiniň köplüginden, pygamberi „akmak“, Ruhdan dolanlary bolsa „däli“ saýdylar. Pawlus şeýdip, özüni gorap durka, Festus gaty ses bilen: «Pawlus, sen däliräpsiň! Okumyşlyk seni akylyňdan azaşdyrypdyr» diýdi.
Выбор основного перевода