Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
«Eý, Dawut tagtynda oturan Ýahuda patyşasy, seniň özüň, emeldarlaryň we bu derwezeden girýän halkyň bilen birlikde Rebbiň sözüni eşidiň! «Reb şeýle diýýär: „Bu şäherde galan adam gylyçdan, açlykdan we mergiden öler, emma babyllylaryň tarapyna geçen adam diri galar, öz janyny gutaryp aman galar“. Reb şeýle diýýär: „Bu şäher, elbetde, Babyl patyşasynyň goşunynyň eline berler, ol ony basyp alar“». Onsoň Ýermeýa Sidkiýa şeýle diýdi: «Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär: „Eger Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barsaň, janyň diri galar we bu şäher oda ýakylmaz, öý-içeriň bilen bile diri galarsyň. Emma Babyl patyşasynyň ýolbaşçylarynyň ýanyna barmasaň, bu şäher babyllylaryň eline berler. Olar ony ýakarlar, sen-de olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň“». Sidkiýa patyşa Ýermeýa: «Men babyllylaryň tarapyna geçen ýahudalaryň eline berlerin, olar maňa azar bererler diýip gorkýaryn» diýdi. Ýermeýa şeýle diýdi: «Eline bermezler. Özüňe aýdan zatlarym babatda sen Rebbe gulak goý ahyry. Şonda özüň üçin ýagşy bolar, diri galarsyň. Emma boýun egmeseň, Reb maňa şuny görkezdi: Ine, Ýahuda patyşasynyň köşgünde galan ähli aýallar Babyl patyşasynyň ýolbaşçylaryna getiriler. Ol aýallar saňa: „Ynamdar dostlaň seni aldawa saldy, olar seni ýeňlişe sezewar etdi; batga batdy seniň aýaklaryň, ynamdarlaň senden gaçyp gitdi“. Seniň ähli aýallaryň bilen ogullaryňy babyllylaryň eline bererler. Sen olaryň elinden gaçyp gutulmarsyň, Babyl patyşasynyň eline düşersiň. Bu şäher bolsa oda ýakylar».
Выбор основного перевода