Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Eý, Sion, hoş habar, beýik daga çyk! Eý, Iýerusalim, hoş habar, sesiňi batly gatalt! Sesiňi batlandyr, gorkma; Ýahuda şäherlerine: «Ine, Hudaýyňyz!» diýiň. Ine, Hökmürowan Reb güýji bilen gelýär, Ol gudrat bilen höküm sürýär, baýragy ýanyndadyr, laýyk haky öňündedir. Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary Öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär. Reb şeýle diýýär: «Ýakubyň çadyrlarynyň abadançylygyny dikelderin, onuň ýaşaýan mesgenlerine rehim ederin. Şäher öz depelerinde bina ediler, berk gala öz ýerinde oturdylar. Olardan şükür hem şatlyk sesleri geler. Men olary köpelderin, olar azalmaz, olara hormat goýduraryn, olar peselmez. Çagalary öňküsi ýaly bolar, jemagaty huzurymda berkarar bolar, olara sütem edýänleri jezalandyraryn. Baştutany olaryň özünden bolar, hökümdary öz aralaryndan çykar. Men ony Özüme ýakynlaşdyraryn, ol hem Maňa ýakynlaşar. Men çagyrmasam, ýakynlaşmaga kim milt edip biler? Muny Reb aýdýandyr. Siz Meniň halkym bolarsyňyz, Men-de siziň Hudaýyňyz bolaryn». Seniň geljegiň üçin umyt bardyr, çagalaň öz dogduk mekanyna dolanar. Muny Reb aýdýandyr.
Выбор основного перевода