Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalimde on bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Zebida rumaly Pedaýanyň gyzydy. Müsür patyşasy Neko Iýerusalimde Ýehogahazy tagtdan agdaryp, ýurda bir ýüz ýetmiş batman kümüş, bir ýarym batmana golaý hem altyn salgyt saldy. Ol Ýehogahazyň dogany Elýakymy onuň ýerine Ýahuda we Iýerusalime patyşa edip, onuň adyny Ýehoýakym diýip üýtgetdi. Onsoň Neko patyşa Ýehogahazy alyp, Müsüre geldi. Ýehoýakym patyşa bolanda ýigrimi bäş ýaşyndady. Ol Iýerusalime on bir ýyl patyşalyk etdi. Ol Hudaýy Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ýermeýa Rebbiň sözi aýan boldy: «Rebbiň öýüniň derwezesinde durup, şu sözi jar et: „Eý, Rebbe ybadat etmek üçin, bu derwezelerden girýän tutuş Ýahuda! Rebbiň sözüne gulak as“.
Выбор основного перевода