Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Siz meniň buýruklarymyň üstüne hiç zat goşmaly-da däl, ondan hiç zat aýyrmaly-da dälsiňiz. Ýöne Hudaýyňyz Rebbiň meniň üstüm bilen berýän buýruklaryny ýerine ýetiriň. Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma. Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn. Onsoň Ýermeýa özüni Rebbiň pygamberlik etmek üçin iberen ýeri bolan Topetden geldi. Ol Rebbiň öýüniň howlusynda durup, tutuş halka şeýle diýdi: Ol maňa ýene-de şulary diýdi: «Eý, ynsan ogly! Meniň saňa aýdýan ähli sözlerime gowuja gulak goý we ýüregiňe ornaşdyr. Ol her gün ybadathananyň howlusynda sapak berýärdi. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we halkyň baştutanlary bolsa Ony öldürmegiň küýündediler. Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi. Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim. Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.
Выбор основного перевода