Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şundan soň, Reb halkynyň üstünden bela-beter indermek pikirinden el çekdi. Perişde Iýerusalimiň halkyny gyrmak üçin oňa tarap elini uzadanda, Reb ýüregine düwen betbagtçylygyny goýbolsun etdi. Ol gyrýan perişdä: «Besdir! Indi eliňi çek» diýdi. Şonda Rebbiň perişdesi ýabuslardan bolan Arawnanyň harman ýeriniň golaýyndady. Çünki biziň ata-babalarymyz Hudaýymyz Rebbe hyýanat edip, Onuň nazarynda pis işleri etdiler; Rebbi terk edip, Onuň mesgeninden ýüz dönderip, ýeňselerini öwürdiler. Olar eýwanyň gapylaryny hem gulplap, çyralary öçürdiler. Mukaddes ýerde Ysraýylyň Hudaýyna ýakymly ysly tütetgi ýakmadylar, ýakma gurbanlyk bermediler. Şonuň üçin hem, Ýahudanyň we Iýerusalimiň üstünden Rebbiň gazaby indi. Öz gözüňiz bilen görşüňiz ýaly, olary ile elhençlik, geň-täsinlik we gülki etdi. Şu sebäpli, biziň atalarymyz gylyçdan öldüler, ogullarymyzdyr gyzlarymyz we aýallarymyz ýesirlikdedir. Indi Ysraýyl Hudaýy Rebbiň güýçli gazaby bizden sowlar ýaly, men Onuň bilen äht edişmegi ýüregime düwdüm. Ogullarym, siz geleňsizlik etmäň, çünki Reb sizi Öz huzurynda durup hyzmat etmegiňiz üçin, Öz hyzmatkärleri bolup, ýakymly ysly tütetgi ýakmagyňyz üçin sizi saýlady». Onsoň Hizkiýa gopbamsylygy üçin özüni kiçeltdi. Iýerusalimiň ilaty-da şeýle etdi. Şeýdip, Hizkiýanyň döwründe Rebbiň gazaby olaryň üstüne inmedi. emma gürrüňini eden bu milletim şonda erbetliginden dönse, onuň başyndan inderjek betbagtlygymdan el çekerin. Şondan soň Hudaý olaryň edenlerini, ýaman ýoldan dönendiklerini görüp, gazabyndan saklanyp, görkezjek diýen erbetligini olara görkezmekden el çekdi. Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň».
Выбор основного перевода