Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň ruhanylar, pygamberler ýolbaşçylar bilen ähli halka ýüzlenip: «Öz gulaklaryňyz bilen eşidişiňiz ýaly, ol adamy bu şähere garşy pygamberlik edendigi üçin, ölüm jezasyna höküm etmeli» diýdiler. Emma hemmeler tarapyndan sylanýan fariseý we Töwrady öwrediji Gamaliýel atly bir agza ýerinden turup, resullary birsalym daşary çykarmagy buýurdy. Ol baş mejlisde hemmeler tarapyndan sylanýan Töwrady öwredijidi. Soňra Gamaliýel şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Bu adamlar babatda etjek bolýan işiňizde seresap boluň. Ýaňy-ýakynda özüni beýik adam saýýan Teýuda gozgalaň turuzdy, dört ýüz adam onuň yzyna eýerdi. Emma ol öldürilenden soň, onuň yzyna eýerenleriň hemmesi dargap gitdi. Mundan soň ilat ýazuwy günlerinde jelileli Ýudas orta çykdy we ençeme adamy öz yzyna düşürdi. Emma ol hem öldürilenden soň, yzyna eýerenleriň hemmesi dargady. Indi bu adamlardan el çekiň, olary boşadyp goýberiň, sebäbi bu iş ynsandan bolsa, onda öz-özünden ýok bolup gider. Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň». Şeýlelikde, uly galmagal turdy. Fariseýleriň tarapyny tutýan käbir Töwrat mugallymlary ýerinden turup, uly dawa turuzdylar. Olar: «Biz bu adamda hiç hili aýyp tapmadyk. Onuň bilen bir ruh ýa perişde gepleşen bolsa näbilýäňiz?» diýdiler. Men ony özleriniň dini kanuny bilen bagly meselelerde aýyplaýandyklaryny bildim, emma onda ölüme ýa-da tussag etmäge laýyk hiç hili esas ýokdur. Emma meniň pikirimçe, ol ölüme laýyk iş etmändir. Emma özüniň dawasy barada imperatora arz edendigi üçin, ony Rime ýollamak kararyna geldim. Olar çykyp barýarkalar, özara gürleşip: «Bu adam ölüme ýa-da tussaglyga laýyk hiç iş etmändir» diýişdiler.
Выбор основного перевода