Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Men atly-abraýly adamlaryň ýanyna gidip, olar bilen gepleşeýin. Olar Rebbiň ýoluny, öz Hudaýynyň kanunyny bilýändirler». Emma olaryň bary birmeňzeş bolup, boýuntyrygy döwdüler, ýüpleri gyrdylar. Eý, gözli bolup görmeýän, gulakly bolup eşitmeýän nadan hem düşünjesiz halk, indi muňa gulak as: Çünki azaşdylar çopanlar akylyndan, Rebbi agtarmadylar. Şonuň üçin bolmady ugruna işleri, dargady ähli sürüleri. Reb meniň güýjüm hem galamdyr, betbagtlyk gününde Penakärimdir! Dünýäniň dört künjünden milletler Seniň huzuryňa gelip: «Biziň ata-babalarymyz diňe ýalan zatlary, özlerine birjik-de peýdasy bolmadyk biderek butlary miras aldylar» diýerler. Samariýa pygamberleriniň arasynda Men bu nejis işi gördüm: Bagalyň adyndan pygamberlik edip, olar Meniň halkym ysraýyly azdyrdylar. Onuň edýän öwüt-ündewleri dogrudy, hileli sözi ýokdy. Ol Meniň bilen ylalaşyk we dogrulyk ýolundan ýöräp, köp adamlary günäden sowdy. Ruhanynyň sözleri bilimi goramalydyr. Ol Hökmürowan Rebbiň wekilidir, ynsanlar onuň agzyndan öwüt-ündew gözlemelidir. Sen bilimiň we hakykatyň nusgasy bolan Kanuna eýe bolanyň üçin, özüňi körleriň idijisi, tümlükdäkileriň yşygy, akmaklaryň terbiýeçisi, bilimsizleriň mugallymy hasaplaýarsyň. Eger şeýle bolsa, onda näme üçin başgalara taglym berip-de, özüňe taglym bermeýärsiň? Ogurlyk etmezligi wagyz edip, näme üçin ogurlyk edýärsiň?
Выбор основного перевода