Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Näme üçin ýene-de jeza gözleýärsiňiz? Näme üçin başbozarlygyňyzy bes etmeýärsiňiz? Başyňyz bütinleý ýaralanan, ýüregiňiz durşuna solup-saralan. Ýa Reb, Seniň nazaryň hakykata dikilen dälmidir? Olary urduň, emma olar agyry duýmadylar. Olary heläk etdiň, emma olar ýüz öwürdiler dogry ýoldan. Olar ýüzlerini gaýadan-da gataldyp, yzlaryna dolanmak islemediler. Rebbiň adyndan pygamberlik eden ýene bir adam bardy, ol kirýatýegarymly Şemagýanyň ogly Uryýady. Ol hem edil Ýermeýa ýaly sözläp, bu şäher bilen ýurduň garşysyna pygamberlik etdi. Ýehoýakym patyşa bilen onuň ähli edermen urşujylary, emeldarlary onuň sözlerini eşidenlerinde, patyşa ony öldürjek boldy. Emma Uryýa muny eşiden badyna, gorkup, Müsüre gaçyp gitdi. Ýehoýakym patyşa Akboryň ogly Elnatany we onuň bilen birnäçe adamy Müsüre iberdi. Olar Uryýany Müsürden çykaryp, Ýehoýakym patyşanyň ýanyna getirdiler. Ol ony gylyç bilen öldürip, jesedini hem ýönekeý halkyň gonamçylygyna zyňdyrdy. Emma Şapanyň ogly Ahykamyň Ýermeýany goraýandygy sebäpli, ol öldürilmäge halkyň eline berilmedi. Ýahudylar pygamberleri we Reb Isany öldürdiler, bizi bolsa gysyp çykardylar. Olar başga milletleriň-de halas bolmagy üçin wagyz edilýän Hoş Habara böwet bolmakçy bolýarlar. Ýahudylar Hudaýy närazy edip, hemme adamlara garşy çykýarlar. Şunlukda, olaryň günäleri hetden aşyp barýar. Hudaýyň gazaby eýýäm olaryň başyndan inendir.
Выбор основного перевода