Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şeýle adamlar bar, özüni tämiz saýýandyr, aslynda bolsa haramlykdan päklenen däldir. Ogul-gyzlaryny oda ýakyp, gurbanlyk etmek üçin, Benhinnom deresinde Topet seždegählerini gurdular. Beýle işi Men olara buýurmadym, beýtmek kelläme-de gelmedi. Şonuň üçin hem şeýle günler geler, muny Reb aýdýandyr, ol ýere Topet ýa-da Benhinnom deresi diýilmän, Ölüm jülgesi diýler. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz. Gaýtam, kesirlik bilen niýetlerini ýamana düwüp, ata-babalarynyň öwredişi ýaly, Bagal butunyň yzyna eýerdiler». Ogul-gyzlaryny Molek hudaýyna ýakma gurbanlyk edip bermek üçin, olar Benhinnom deresinde Bagal butuna seždegähler gurdular. Şeýle nejis işler edip, Ýahudanyň günä gazanmagyny Men buýurmadym, bular ýaly zatlar kelläme-de gelmedi“.
Выбор основного перевода