Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şu nejislikleriň hiç biri bilen günä etmäň, çünki siziň öňüňizden kowýan milletlerim şu pis işleri zerarly haram boldular. Şeýdip, ýurt harama çykdy. Men ýurdy etmişleri üçin jezalandyrdym. Ýurt öz ilatyndan ýüz dönderdi. Ýer hemişelik satylmasyn, çünki ol Meniňkidir. Siz Meniň ýanymda gelmişek we kärendeçi ýalysyňyz. Olar Paran çölündäki Kadeşe, Musa bilen Harunyň we bütin ysraýyl jemagatynyň ýanyna gaýdyp geldiler. Olar tutuş jemagata görüp-eşidenlerini habar berip, ol ýerden getiren miwelerini görkezdiler. «Bu günki meniň berýän bu buýruklarymyň ählisini yhlas bilen ýerine ýetirmelisiňiz. Şonda siz ýaşarsyňyz, köpelersiňiz we Rebbiň ata-babalaryňyza wada eden ýurduna gidip, ony mülk edinersiňiz. Çünki Hudaýyňyz Reb sizi gowy ýurda alyp barýar. Ol ýerde çeşmeler, bulaklar, şeýle hem, jülgelerden we daglardan akýan ýerasty suwlary bardyr. Ol ýerde bugdaý, arpa, üzüm, injir, nar, zeýtun agaçlary we bal bardyr. Ol ýerde garnyňyz dok bolar, hiç zada zar bolmarsyňyz. Ol ýurduň daşlary demirden bolup, daglaryndan mis gazyp çykararsyňyz. Siz iýip-içip doýanyňyzdan soň, özüňize gowy ýurt bereni üçin Hudaýyňyz Rebbe alkyş aýdarsyňyz. Ony öjükdirýärdiler seždegähleri bilen, gabanjaňlygyny oýarýardylar butlary bilen. Olar ogullaryny we gyzlaryny Kengan butlaryna gurban etdiler, olaryň bigünä ganyn dökdüler; ýurdy gan bilen haramladylar.
Выбор основного перевода