Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Şol wagtlarda Ahaz patyşa kömek sorap, Aşur patyşasynyň ýanyna adam ýollady. Şeýdip, Aşur patyşasy Tiglatpileser Ahazyň garşysyna çykyp, oňa ýardam etmegiň deregine zulum etdi. Ahaz Rebbiň öýüni, patyşanyň köşgüni we emeldarlaryň öýlerini talap, olardan Aşur patyşasyna salgyt töledi; emma bu Ahaza kömek etmedi. Faraonyň goragy olara utanç, ryswalyk bolar Müsüriň kölegesini penalamak. Indi näme üçin Niliň suwundan içmäge gidýärsiňiz Müsüre? Ýewfrat derýasyndan ganmaga gidýärsiňiz Aşura? Sen nädip: ‘Men haram däl. Bagal butunyň yzyna eýermedim’ diýip bilýärsiň? Jülgede eden günäňe seret, näme edeniňi gör! Sen özüni ol ýere, bu ýere urýan ýyldam maýasyň. Sen haçana çenli ikirjiňlenip ýörjek, eý, biwepa gyz? Reb dünýäde täze zat ýaratdy: aýal goraýar erkegi». Efraýym ýel bilen naharlanýar. Uzakly gün gündogardan gelen ýeli kowalaýar. Ýalançylygy, zulumy artdyrýar. Aşur bilen şertnama baglaşyp, Müsüre zeýtun ýagyny gönderýär.
Выбор основного перевода