Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýuwnuň, tämizleniň, pis işleriňizi terk ediň gözümiň alnyndan, ýamanlyk etmegi bes ediň. Sen bireýýäm boýuntyrygyňy döwüp, diýdiň tanaplaryňy üzüp: ‘Saňa gulluk etmerin’. Her bir beýik baýyrlykda butlara sežde etdiň, gür ýaprakly her bir agajyň astynda zyna etdiň serlip ýatyp. Ýüregiňi tämizläp päkle pislikden, eý, Iýerusalim, halas bolarsyň şonda. Erbet niýetleriňi ýene näçe wagt saklajak içiňde? «Mundan soň Men seni nädip bagyşlaýyn? Çagalaryň Meni terk etdiler, olar hudaýlaryndan ant içdiler, ýogsam olar Hudaýam däl. Olary doýranymda zyna etdiler, toparlanyşyp, lolularyň öýlerine gitdiler. Olar esrän aýgyr atlar ýaly bolup, hersi öz goňşusynyň aýalyna kişňeýär. Köp pis işler edeninden soň, söýgüli halkymyň Meniň öýümde näme işi barka? Hatda Rebbe bagyş edilen et kömek etmez. Siz pislik etmekde şatlanýarsyňyz. Haýasyzlygyň seni haram etdi. Men seni tämizlejek boldum, emma sen tämizlenmek islemediň. Saňa garşy tutaşan gazabym ýatyşýança, sen haramlygyňdan tämizlenmersiň. Eý, Samariýa, Men seniň göle butuňy bütinleý ret etdim. Meniň gazabym olaryň garşysyna alawlady. Haçana çenli olar päk bolup biljek däl?
Выбор основного перевода