Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Oýan, eý, Iýerusalim oýan, aýaga gal! Rebbiň gazap käsesini Onuň elinden içdiň, serhoşlyk käsesini başyňa çekdiň. Munuň üçin, eý, azap çeken, çakyrsyz serhoş bolan halk, muny eşit! Gaharyma halklary aýak astyna aldym, gazabyma olary serhoş etdim, ganlaryny ýere dökdüm». Onsoň halka şeýle diý: „Eý, Ýahuda patyşalary, tutuş Ýahuda we bu derwezelerden girýän ähli Iýerusalim ilaty, Rebbiň sözüne gulak asyň!“». Şonda halk: «Geliň, Ýermeýa garşy dil düwşeliň. Ruhanylaryň öwretjek kanuny-da, akyldarlaryň berjek maslahaty-da, pygamberleriň aýan etjek sözi-de ýeterlik ahyryn. Geliň, oňa dilimiz bilen hüjüm edeliň, hiç bir sözüne gulak asmalyň» diýdi. «Eý, Dawut tagtynda oturan Ýahuda patyşasy, seniň özüň, emeldarlaryň we bu derwezeden girýän halkyň bilen birlikde Rebbiň sözüni eşidiň! Ysraýyl Hudaýy Reb maňa şeýle diýdi: «Gazapdan pürepür bu käsäni Meniň elimden al-da, seni ýanlaryna iberjek ähli milletlerime ony şerap dek içir. Olar ony içip, ikiýana yranarlar we aralaryna iberjek gylyjymdan dälirärler». Onsoň men käsäni Rebbiň elinden aldym, ony Rebbiň meni iberen ähli milletlerine içirdim. Bu günki bolşy ýaly harabaçylyk, howp, ryswaçylyk, näletlenen ýer bolsun diýip, ondan Iýerusalime, Ýahuda şäherlerine, patyşalary bilen ýolbaşçylaryna içirdim. «Soňra sen olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Içip, serhoş boluň, gusuň we araňyza iberjek gylyjymdan ýykylyň, gaýdyp ýeriňizden galmaň“. Babyl Rebbiň elinde bütin dünýäni serhoş edýän altyn pyýala kimindi. Milletler onuň şerabyndan içdiler, munuň üçin akylyndan azaşdylar. Serhoşlykdan we gaýgydan dolarsyň, ol seniň uýaň Samariýanyň käsesidir, ol elhençlik hem weýrançylyk käsesidir.
Выбор основного перевода