Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Onsoň Reb Ýeşuwa şeýle tabşyrdy: «Ine, Men Ýeriho galasyny we onuň edermen urşujylary bilen birlikde onuň hanyny seniň eliňe berýärin. Çünki Reb şeýle diýýär: „Men seniň özüňi we dost-‑ýarlaryň baryny howp astyna salaryn. Olaryň duşman gylyjyndan heläk bolşuny öz gözleriň bilen görersiň. Men tutuş Ýahudany Babyl patyşasynyň eline bererin. Bu patyşa olary Babyla äkider we gylyçdan geçirer. Benýamin topragynda, Iýerusalimiň töweregindäki ýerlerde, Ýahuda galalarynda, daglyk galalarda, günbatar baýyrlykda we Negep galalarynda ekin meýdanlary kümşe satyn alnyp, şertnamalara gol çekiler, möhürlenip, şaýatlar çagyrylar. Çünki Men olaryň öňki abadançylygyny gaýtaryp bererin“. Muny Reb aýdýandyr». Hamat ýurdunyň Ribla galasynda Babyl patyşasy olary öldürdi. Şeýdip, ýahuda halky öz ýurdundan sürgün edildi. Nebukadnesaryň ýesir edip getiren halky, ine, şulardan ybarat: patyşalygynyň ýedinji ýylynda üç müň ýigrimi üç ýahudany; Nebukadnesaryň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda Iýerusalimden sekiz ýüz otuz iki adamy; ýigrimi üçünji ýylynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradon ýahudalardan ýedi ýüz kyrk bäş adamy ýesir edip äkitdi. Olar jemi dört müň alty ýüz adamdyr.
Выбор основного перевода