Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Ýahuda patyşasy Ýehoýakyn ejesi, hyzmatkärleri, serkerdeleri we köşk emeldarlary bilen birlikde Babyl patyşasyna tabyn boldular. Babyl patyşasy Ýehoýakyny patyşalygynyň sekizinji ýylynda ýesir aldy. Manaşa muşakgat içinde öz Hudaýy Rebbe ýalbaryp, ata-babalarynyň Hudaýynyň öňünde özüni gaty kiçeltdi. Manaşanyň dilegi we onuň dileginiň jogaby, onuň ähli günäleri, biwepalygy barada görgürleriň taryh kitabynda ýazylandyr. Şeýle-de bu kitapda Manaşa özüni Hudaýyň öňünde peseltmezden öň guran seždegähleri, Aşera we beýlekilere diken butlary barada ýazylandyr. ýüzüklerini we burun halkalaryny, «Eý, boýy ýeten Babyl gyzy, aşak düş-de, toza çök! Eý, kesetler gyzy, ýerde otur, tagtyň ýokdur! Näzik, mylaýym, diýilmez indi saňa. Sen bilen seni dogran ejeňi özüňiziň dogulmadyk ýeriňiz bolan başga ýurda zyňaryn, şol ýerde-de ölersiňiz. Başymyzdan täç gaçdy. Waý halymyza! Çünki günä etdik. Dymyp ah çek; öliň üçin ýas tutma; selläňi geý, çarygyňy geý, sakgalyňy örtme; ýas çöregini iýme». Selläňiz başyňyzda, çarygyňyz aýagyňyzda bolar. Ýas tutmarsyňyz, aglamarsyňyz, emma etmişleriňiz zerarly gurap ýok bolarsyňyz, biri-biriňiz üçin ah çekersiňiz“.
Выбор основного перевода