Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Параллельные места
Sen olary demir hasaň bilen döwersiň, küýzegäriň golçasy deý çym- -pytrak edersiň». Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez». Şonuň üçin hem Men-Reb şeýle diýýärin: «Ine, Men bu halkyň öňüne büdreme daşyny goýaryn, ata-eneler çagalary bilen büdräp ýykylar, goňşusy dosty bilen birlikde heläk bolar». Çünki Reb şeýle diýýär: „Ýas tutulýan öýe girme, matam tutmak, aglamak üçin gitme. Çünki Men bu halkdan sag-salamatlygymy, söýgimi we rehim-şepagatymy aýyrdym. Muny Reb aýdýandyr. Ogullarynyň we gyzlarynyň etini özlerine iýdirerin. Janlarynyň kastyna çykan duşmanlary olary gabawa salanda, çekýän hasratlaryndan ýaňa biri-biriniň etini iýerler“. Onsoň sen özüň bilen gidenleriň gözüniň alnynda küýzäni döw. Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Küýzegäriň küýzesiniň döwlüşi ýaly, ony täzeden bejerip bolmaýşy ýaly, Men hem bu halky we şäheri şeýdip döwerin. Topetde ölüleri jaýlamak üçin ýer galmaz.
Выбор основного перевода