Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Reb bütin dünýädäki adamzadyň betpälliginiň juda çökderdigini, olaryň kalbyndaky oý-pikirleriniň we niýetleriniň hemişe pislikden doludygyny gördi. Reb ýakymly ysy alyp, Öz ýanyndan şeýle diýdi: «Mundan beýläk ýer hiç haçan ynsan zerarly näletlenmez, çünki onuň kalbyndaky päli-niýeti ýaşlygyndan bäri pisdir. Men indi hiç haçan bütin janly-jandarlary şu edişim ýaly heläklemerin. Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim. Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr. Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa, günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar.
Выбор основного перевода