Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ýöne ýok edilmeli zatlardan almaly däl diýen buýruga ysraýyllaryň hemmesi boýun egmediler. Ýahuda tiresinden bolan Zeranyň çowlugy, Zabdynyň agtygy, Karmynyň ogly Akan Rebbe aýry goýlan zatlardan alandygy üçin, Rebbiň gahary ysraýyllaryň başyndan indi. Ysraýyl günä iş etdi. Olar ýok edilmeli zatlardan alyp, Meniň olara buýran ähtimi bozdular. Olar şol zatlardan ogurladylar we ýalan sözläp, olary öz öý goşlarynyň arasynda gizläp goýdular. Şonuň üçin hem ysraýyllar duşmanyň öňünde durup bilmediler. Olar uruşda ýeňse berip gaçdylar. Çünki olaryň özleri hem ýok edilip, ölüme sezewar edilmelidirler. Eger siz öz araňyzdaky şol ogurlanan zatlary aýryp ýok etmeseňiz, Men mundan beýläk siziň bilen bile boljak däl. Ýeşuwa Akana: «Biziň başymyza nähili bela getiren bolsaň, indi Reb şol bela-beteri seniň öz başyňdan inderer» diýdi. Soňra ähli ysraýyllar ony maşgalasy bilen bile daşlap öldürdiler we olary oda ýakdylar. Reb Ysraýyly Dawudyň nesilleriniň elinden alandan soň, ysraýyllar Nebadyň ogly Ýarobgamy patyşa etdiler. Ýarobgam ysraýyllary Rebbiň ýolundan azaşdyryp, olara uly günäler etdirdi. Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir. Az ilatly bir kiçi şäher bardy. Bir güýçli patyşa oňa hüjüm edip, ony gabady; garşysyna äpet gabaw desgalaryny gurdurdy. Bu şäherde bir dana garyp tapyldy, ol şäheri paýhasy bilen halas etdi. Emma hiç kim bu garyby ýatlamady. Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.
Выбор основного перевода