Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Olar baryp, Abelbeýtmagaka galasynda ony gabawa saldylar. Galanyň diwaryna çykmak üçin ýapgyt gurdular we diwary ýykmak üçin ony opurmaga başladylar. Bir akylly aýal galadan: «Gulak assaňyzlaň! Diňleseňizläň! Ýowaba aýdyň, men onuň bilen gepleşmek isleýärin» diýip gygyrdy. Aýal akylly pikiri bilen halkyň ýanyna gitdi. Olar Bikri ogly Şebanyň kellesini kesip, ony Ýowaba tarap zyňyp goýberdiler. Ýowap surnaý çaldy; olar galadan çekildiler. Hemmeler öýli-öýüne gitdi. Ýowap bolsa Iýerusalime patyşanyň ýanyna gaýtdy. Şol gije patyşanyň gözüne uky gelmän, ol köşgüň ýyl ýazgylaryny getirmegi buýurdy. Ony patyşanyň öňünde okadylar. Ondan patyşanyň gapy saklaýan agtalary Bigtana bilen Tereşiň Kserks patyşanyň janyna kast etmek niýetleriniň bardygy barada Mordekaýyň aýdan zatlary hakyndaky ýazgy tapyldy. Patyşa: «Munuň üçin Mordekaýa näme hezzet-hormat edildi?» diýdi. Patyşanyň emeldarlary: «Oňa hiç zat edilmedi» diýdiler. Akyldar adam güýçlüleriň şäherine baryp, olaryň bil baglaýan berkitmesini ýumurýar. Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir, bilimli adam öz güýjüni artdyrar. Masgaralaýjy adamlar şäherde ot gorsaýandyrlar, akyldarlar bolsa gahar-gazaby köşeşdirýändirler. Çünki akylly-da akylsyz kimin unudylar, geljekde hemmeler unudylar. Näme üçin akylly akylsyz kimin ölýär? Maslahata gulak goýmaýan garry, akylsyz patyşadan garyp, akylly ýigit ýagşydyr. Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir. Soňra men pisleriň jaýlananyny gördüm: olar mukaddes ýere gelip-giderdiler, eden pislikleri üçin şäherde taryplanardylar. Bu-da biderek. Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.
Выбор основного перевода