Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Barybir, şonuň üçinem „Ol aýypsyzy-da, aýyplyny-da ýok edýär“ diýýän. Mazarlary baky öýleri bolar, mesgenleri geçer nesilden-nesle, atlaryny dakýarlar öz mülklerine. «Akyllynyň gözleri başyndadyr; akylsyz bolsa garaňkylykda gezýändir. Emma hemmesiniň takdyrynyň bir ekenligini bildim». Onsoň men öz-özüme: «Akylsyzyň başyna gelen meniň-de başyma geler. Onda akylly bolmagymyň peýdasy näme?» Öz-özüme: «Bu-da biderek» diýdim. Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi? Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar. oňa Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men saňa garşydyryn, gylyjymy gynyndan çykaryp, ýagşyny-da, ýamany-da senden kesip taşlaryn. Ol maňa şeýle diýdi: «Bu bütin dünýä siňýän näletdir. Bu kagyzyň bir tarapynda ýazylyşy ýaly, ogurlyk eden sogrulyp taşlanjakdyr, beýleki tarapynda ýazylyşy ýaly bolsa, ýalandan ant içen kowlup çykaryljakdyr. Şol döwürde bütin Müsür we Kengan ýurdy açlyk çekdi, olaryň başyndan agyr gaýgy-hasrat indi. Ata-babalarymyz iýmit tapmadylar. Bizi deňiz arkaly Italiýa ibermegi karar etdiler. Şonda Pawlus bilen ýene-de birnäçe tussagy Imperiýa goşunyndaky Ýuliý diýen ýüzbaşa tabşyrdylar. Ençeme günläp ne Gün, ne ýyldyz göründi. Güýçli tupan sowulmansoň, halas bolmak umydymyzy bütinleý ýitirdik.
Выбор основного перевода