Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Elhenç sesler olaryň gulagyndan gitmez, asudalykdaka olaryň üstüne talaňçy döküler. Men yzgytsyz erbet adamyň çynar dek gögeren ýerinde ýaýrap oturanyny gördüm. Birdenkä ol gaýyp boldy-da gitdi; men ony gözledim, emma tapmadym. Olar bir salymda wes-weýran boldy, wehimden ýaňa ýok bolup gitdi! Ýigit öldürilmäge alnyp barylýan öküz ýaly, bagryndan ok geçýänçä, duzaga howlugýan sugun ýaly, janynyň kastynadygyny bilmän tora barýan guş mysaly, aýalyň yzyna düşýär. Ertirki günüň barada öwünme, çünki sen günüň näme getirjegini bilýän dälsiň. Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr. Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler? Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär. Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär. Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun. Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner. Çünki ol gün tutuş ýer ýüzünde ýaşaýanlaryň her biriniň üstünden iner. Şonuň üçin ýaman döwürde gaýtawul berip bilmegiňiz üçin, Hudaýyň ähli ýaraglaryny dakynyň. Şonda ornuňyzda berk durmagy başararsyňyz. Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.
Выбор основного перевода