Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Häzir men segsen ýaşymda, göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok. Men guluň öz iýip-içýän zatlarymyň tagamyny-da bilemok. Erkegu-aýal bagşylaryň seslerini eşidip bilemok. Şeýle bolsa, näme üçin men guluň şa hezretlerine ýük bolsun?! Guluň bolan men patyşa bilen diňe biraz ýol ýöräp, ony Iordan derýasyndan geçirmek isleýärin. Patyşa näme üçin meni beýle sylaglamaly? Süleýman Ýewfrat derýasyndan piliştliler ýurduna we Müsür serhedine çenli bolan bütin ýurda patyşalyk etdi. Olar Süleýmanyň ömrüniň ahyryna çenli oňa salgyt töläp, hyzmat etdiler. Olar Opyra gidip, ol ýerden ýedi ýüz on batman töweregi altyn alyp, ony Süleýman patyşa getirip berdiler. Onsoň Şeba melikesi Süleýman patyşa iki ýüz batman altyn, köp mukdarda atyrlary we gymmatbaha daşlary berdi. Süleýman patyşa Şeba melikesiniňki ýaly şeýle köp mukdardaky hoşboý ysly zatlar hiç berilmändi. Hiramyň Opyrdan altyn getiren gämisi ol ýerden köp mukdarda sandal agajyny we gymmatbaha daşlary hem getirdi. Süleýmana bir ýylda gelen altynyň agramy alyş-beriş edýän adamlardan, söwdagärleriň söwdasyndan, ähli arap şalaryndan, ýurduň häkimlerinden gelen altyndan daşary bir müň bir ýüz otuz batmandan gowrakdy. Süleýmanyň gap-gaçlarynyň barysy altyndandy. Onuň «Liwan jeňňeli» atly köşgüniň ähli gap-gaçlary-da sap altyndandy. Kümüşden hiç zat ýokdy, sebäbi kümüş Süleýmanyň döwründe hiç zatça görülmeýärdi. Çünki Süleýmanyň Hiramyň gämileri bilen birlikde deňizde gämileri bardy. Deňiz gämileri üç ýylda bir gezek gelip, altyn, kümüş, pil dişini, maýmynlary we tawuslary getirerdiler. Süleýman Iýerusalimde kümşi daşlar bilen deň etdi, kedr agajyny bolsa günbatar baýyrlykda gögerýän ýabany injir agajy kimin köpeltdi. Onuň ýedi ýüz şa aýaly, üç ýüz gyrnak aýaly bardy. Aýallary onuň ýüregini azdyrdylar. Ahap ol pygamberden: «Bu ýeňiş kimiň üsti bilen gazanylar?» diýip sorady. Ol pygamber: «Bu ýeňiş welaýat häkimleriniň hyzmatyndaky ýaş esgerleriň üsti bilen gazanylar» diýip jogap berdi. Onsoň Ahap: «Urşy kim başlar?» diýip sorady. Pygamber: «Sen başlarsyň» diýip jogap berdi. Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.
Выбор основного перевода