Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Süleýman özüne-de köşk saldy. Ol köşgi on üç ýylda gurup gutardy. Ol «Liwan jeňňelli» atly köşk saldy. Onuň uzynlygy ýüz tirsek, ini elli tirsek, beýikligi otuz tirsek bolup, ol dört hatar kedr sütünleriniň üstünde guruldy. Sütünleriň üstünde kedr pürsleri goýuldy. Her hatarda on bäş, jemi kyrk bäş sany pürs sütünleriň üstünde goýuldy. Ol köşgüň üçegi kedr tagtalary bilen basyryldy. Liwan jeňňeli atly köşgüň biri-birine bakyp duran üç hatar penjireleri bardy. Ähli gapylar we gapy söýeleri dört burçlydy. Olar biri-birine gapma-garşy, üç hatardy. Süleýman uzynlygy elli tirsek, ini otuz tirsek bolan sütünler eýwanyny gurdy. Onuň öňünde sütünler bilen dikilen, üsti basyrylan dalan bardy. Soňra ol Tagt zalyny, ýagny höküm çykarylýan ýer bolan Höküm zalyny gurdy. Onuň diwarlary düýbünden depesine çenli kedr tagtalary bilen örtülendi. Süleýmanyň öz ýaşaýan öýi Tagt zalynyň ýeňse tarapyndaky howluda birmeňzeş gurluşda salnandy. Süleýman öz aýaly bolan faraonyň gyzyna-da şu zala meňzeş öý gurup berdi. Bularyň barysy daşardan köşgüň howlusyna, binýatdan çykyda çenli tutuşlygyna ölçege görä ýonulyp, ýargy bilen iki tarapy-da tekizlenen gymmatbaha daşlardan gurlandy. Bina ýonulan daşlardan, uly daşlardan, sekiz, on tirseklik daşlardan gurlandy. Bina daşlarynyň üstünden ölçege görä ýonulan gymmatbaha daşlar we kedr tagtalary goýuldy. Köşgüň howlusynyň töweregindäki haýatlar edil Rebbiň öýüniň içki howlusy we öýüň eýwany ýaly üç hatar ýonulan daş we bir hatar kedr tagtasy bilen örülendi. Ramaly Şimgi üzüm baglaryna, şepamly Zabdy üzüm baglaryndaky şerap ammarlaryna, Men bir diwar, göwüslerim-de diňler deý. Şoňa görä ýarymyň gözüne kämil görünýän men. Süleýmanyň Bagalhamonda üzüm bagy bardy, ony sakçylara tabşyrdy ol; hersi hasyl üçin müň kümüş teňňe bermelidi.
Выбор основного перевода