Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Şerap biabraý edýändir, çakyr dawa-jenjel turuzýandyr. Oňa aldanýanyň ählisi akylsyzdyr. Eý, Lemuwal, şerap içmek patyşalara ýaraşmaz, çakyr hökümdarlara gelişmez. Olar içip, düzgüni unudaýmasynlar, ähli ezilenleriň hakyny ýoýaýmasynlar. Çakyry heläk bolup barýana, şeraby ajy hasrat çekýäne bergin. Olar içip, garyplygyny unutsyn, azabyny ýada salmasyn. Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim. Olar iýerler, ýöne doýmazlar. Olar zyna ederler, emma köpelmezler. Çünki Rebbi terk edip, butlara çörňeşdiler. Köne hem täze şerap halkymyň düşünjesini aýyrýar. Olar hatda agaç butdan maslahat soraýarlar! Olaryň hasasy welilik edýär! Çünki zynalyk ruhy olary ýoldan çykardy. Zyna üçin, öz Hudaýyndan ýüz öwürdiler.
Выбор основного перевода