Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
«Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin; dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar; ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär. Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar. Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy. Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk! Çünki akylly-da akylsyz kimin unudylar, geljekde hemmeler unudylar. Näme üçin akylly akylsyz kimin ölýär?
Выбор основного перевода