Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Sebäbi ol akyldaryň-da ölýänin görýär; akmaklar-da, samsyklar-da ýok bolup gidýär, mal-mülklerini başgalara galdyrýar. Mazarlary baky öýleri bolar, mesgenleri geçer nesilden-nesle, atlaryny dakýarlar öz mülklerine. Düşünjeli adam danalyga seredýändir, akmagyň nazary ýeriň aňry çetine. Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa, günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar. Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar. Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.
Выбор основного перевода