Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Süleýman üç müň tymsal aýtdy; onuň nagmalary bolsa müňden agdykdy. Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar. Süleýmanyň pähimleri Akylly ogul atasyna şatlykdyr, akmak ogul enesine gaýgydyr. Bu Iýerusalimde patyşalyk eden Dawudyň ogly Wagyzçynyň sözleridir. Men, Wagyzçy, Iýerusalimde Ysraýylyň patyşasydym. Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr. Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak. «Egrini göneldip bolmaz; ýok zady-da sanap bolmaz». Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy». Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim. «Paýhas näçe köp bolsa, gussa-da şonça köpdür. Bilimini artdyrýanlar, derdini-de artdyrýandyrlar».
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода