Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Yshak garrap, gözden galypdy. Ol öz uly ogly Ysawy ýanyna çagyryp, oňa: «Oglum!» diýdi. Ysaw: «Näme, kaka?» diýdi. Şonda ähli müsürlileriň nowbahar ogullary öler. Tagtda oturan faraonyň nowbahar oglundan başlap, tä degirmen üwäp oturan hyzmatkär aýalyň nowbahar ogluna çenli öler. Ähli mallaryň hem ilkinji doglanlary öler. Siseranyň ejesi penjireden seredip, gözüni ýola dikip durşuna perýat edýär: „Oglumyň söweş arabalary näme üçin eglendikä? Näme üçin atlarynyň aýak sesi eşidilenok?“. Rebbiň sandygy Dawut galasyna getirilende, Şawulyň gyzy Mikal penjireden seretdi. Dawudyň Rebbiň huzurynda bökjekläp tans edişini görüp, ol öz ýanyndan Dawuda göwnüýetmezçilik bilen seretdi. goý, aýalym başganyň bugdaýyny üwesin, goý, oňa başga erkekler ýanaşsyn. Ejiz gollara gujur beriň, kuwwat beriň ejiz dyzlara. Degirmen daşlaryny al-da, un üwe, aýyr ýapynjaňy, lybasyňy çykar, derýalardan geç, baldyrlaryňy ýalaňaçla-da. Batyrlaryň iň batyry-da ol gün ýalaňaç gaçyp gider». Muny Reb aýdýandyr.
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода