Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Häzir men segsen ýaşymda, göwne ýakymly-ýakymsyz zatlary saýgaryp bilemok. Men guluň öz iýip-içýän zatlarymyň tagamyny-da bilemok. Erkegu-aýal bagşylaryň seslerini eşidip bilemok. Şeýle bolsa, näme üçin men guluň şa hezretlerine ýük bolsun?! Guluň bolan men patyşa bilen diňe biraz ýol ýöräp, ony Iordan derýasyndan geçirmek isleýärin. Patyşa näme üçin meni beýle sylaglamaly? Düşegimde Seni ýatlan wagtymda, gijäniň nobatlarynda Sen hakda oýlananymda, janym ýilik bilen ýagdan doýan dek bolýar, şadyýan dilim bilen agzym Saňa öwgüler aýdar. Ýa Reb, Seni gijesine men ýatlaýaryn, Seniň kanunyňy berjaý edýärin. Uzak ýyllap ýaşaýanlar hem her bir ýaşan güne şatlansynlar, ýöne köp garaňky günleriň boljakdygyny-da unutmasynlar. Bar bolýan zat biderekdir. Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода