Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Hudaýymyz Reb toprakdan adam ýaradyp, onuň burnuna dirilik nepesini üfledi. Şeýdip, adam janly barlyk boldy. Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň». Hudaýymyz Reb adam bilen onuň aýalyna deriden eşikler edip, olary geýindirdi. bütin adamzat heläk bolar, ynsanlar ýene topraga öwrülerler. Çünki niçik ýaradylandygymyzy Ol bilýär, biziň bir toprakdygymyz ýadyna düşýär. Sen ýüzüňi gizleýärsiň – olar howsala düşýär, janlaryny alýarsyň – olar öz topragyna dolanýar. Jan berýän demiňi iberýäň – olar ýaradylýar, Sen ýeriň ýüzüni täzeleýärsiň. Olaryň jany çykyp, topraga gaýdyp baranda, şol günüň özünde niýetleri puç bolýar. Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek. Ählisi bir ýere gidýär; ählisi toprakdandyr, ählisi-de ýene topraga dolanýar. Ynsanlaryň ruhy ýokaryk galýarmy, haýwanlaryň ruhy aşak ýere inýärmi, kim bilýär? Pygamberlik sözi. Bu Rebbiň Ysraýyl hakyndaky sözüdir. Gögi ýaýan, ýeri esaslandyran we ynsan ruhuny ýaradan Reb şeýle diýýär:
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода