Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Emma indi Hudaýymyz Reb bize, aman galan halka az salymlyk rehim etdi we Öz mukaddes mekanynda orun berdi. Gözümizi nurlandyryp, gulçulygymyzda bize biraz ýeňillik berdi. Efraýymyň, Benýaminiň, Manaşaň öňünde; güýjüňi oýar, gel-de halas et. Ony ýere gazyk kimin gaýym kakaryn, ol öz nesillerine hormat tagty bolar. Çadyryň gazyga baglanyşy ýaly, onuň urugynyň çagalarynyň, agtyklarynyň abraýy-da oňa baglydyr“». Hökmürowan Reb: «Şol gün ýere gaýym kakylan gazyk ýerinden sogrular; ol çapylyp ýykylar; oňa baglanan çadyr-da ýok bolar» diýýär. Muny Reb aýdýandyr. Biakylyň aýdymyndan akyllynyň käýinji ýagşydyr. Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir. Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar. Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar. Hudaýyň sözi janly hem täsirlidir, her bir iki ýüzli gylyçdan kesgirdir. Ol jan bilen ruhy, bogunlar bilen ýiligi ikä bölýändir. Kalbyňdaky ähli pikirleri we niýetleri aýan edýändir.
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода