Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Men janymdan doýdum; bu dünýä baky gelen däldirin, meni öz günüme goý, çünki ömrüm bir demdir. Sen meniň günlerimi bir garyş etdiň! Seniň nazaryňda ömrüm puç zatdyr. Dogrudan-da, her bir ynsan ýeliň öwüsgini ýalydyr». Sela «Dogrudan-da, ynsan gezýär bir sudur kimin; dogrudan-da, biderek ýere ol hysyrdaýar; ýygnaýar, munuň kime galjagyny bilmeýär. Ynsanlar biderek zatdyr, ynsan ogullary bir ýalan zatdyr. Olaryň hemmesini terezä goýsaň, howadan hem ýeňil bolar olaň agramy. Ynsan bir dem kimindir, onuň ömri geçip barýan kölege deýdir. Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär. Sebäbi ýaradylyş öz islegi boýunça däl-de, Hudaýyň islegi boýunça puçluga tabyn bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň perzentleriniň şan-şöhrata gowşan pursadynda ýaradylyş özüniň hem çüýreme näletinden azat edilip, şol şöhrata gowşaryn diýip umyt edýär. Biz nazarymyzy görünýän zatlara däl-de, görünmeýän zatlara dikýäris. Sebäbi görünýän zatlar wagtlaýyn, görünmeýän zatlar bolsa bakydyr. Ynsanlar Günüň astynda çeken ähli zähmetinden, özüne zor salmakdan näme peýda tapýar? Işleýäne çekýän zähmetinden näme peýda bar?
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода