Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Sen ýerden alnansyň we ýere dolanýançaň, nany maňlaý deriňi döküp iýersiň. Çünki topraksyň sen we ýene-de topraga öwrülersiň». Meniň işçilerim agaçlary Liwandan deňze getirerler. Men olary bogduryp, deňiz üsti bilen akdyrdyp, aýdan ýeriňe eltdirip, şol ýerde çözdürerin. Sen gelip, olary äkidersiň. Sen hem meniň islegimi ýerine ýetirip, köşgümdäkileri azyk bilen üpjün et». Şeýdip, Hiram Süleýmany kedr hem-de serwi agaçlary bilen üpjün etdi. Süleýman bolsa Hirama onuň köşgündäkiler üçin azyk hökmünde kyrk müň çuwal bugdaý, ýedi müň hum sap ýag berdi. Süleýman Hirama her ýyl şunça azyk bererdi. Reb wada berşi ýaly, Süleýmana pähim-paýhas berdi. Hiram bilen Süleýmanyň arasynda asudalyk boldy. Olar öz aralarynda ylalaşyk baglaşdylar. Süleýman patyşa ybadathananyň gurluşygy üçin bütin Ysraýyldan otuz müň işçini toplamagy buýurdy. Olardan nobatma-nobat boýunça her aýda on müň adamy Liwana ýollady. Olar bir aý Liwanda, iki aý hem öýlerinde bolardylar. Adonyram bu mejbury işdäkileriň üstünden garaýardy. Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim. Soňra men ünsümi akyldarlyga, telbelige we akmaklyga tarap gönükdirdim. Patyşanyň ýerine geljek adam eýýäm edilen işlerden başga näme edip biler? Ynsanlara işli bolarlary ýaly Hudaýyň beren işini gördüm. Men akyldarlygy, soraglarymyň jogabyny bilmäge, agtaryp tapmaga, pisligiň akmaklykdygyny, akmaklygyň telbelikdigini bilmäge ýüregimi gönükdirdim.
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода