Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr. Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak. Bedenime şerap bilen lezzet bermegi, akmaklyga urmagy ýüregime düwdüm, ýüregim maňa entegem paýhas bilen ýol görkezýärdi. Men muny öz gysga ömürleriniň dowamynda gögüň astynda ederleri ýaly, ynsanlar üçin nämäniň ýagşydygyny bilmek üçin etdim. Soňra men ünsümi akyldarlyga, telbelige we akmaklyga tarap gönükdirdim. Patyşanyň ýerine geljek adam eýýäm edilen işlerden başga näme edip biler? Men akyldarlygy, soraglarymyň jogabyny bilmäge, agtaryp tapmaga, pisligiň akmaklykdygyny, akmaklygyň telbelikdigini bilmäge ýüregimi gönükdirdim.
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода