Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Hudaý oňa şeýle diýdi: «Özüňe uzak ömür, baýlyk dilemän ýa-da duşmanlaryňyň ölümini dilemän, eýsem ýagşy-ýamany saýgarar ýaly akyl-paýhas diläniň üçin, Men saňa dilän zadyňy berýärin. Men saňa öňküleriň hiç birinde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolup bilmejek akyl-paýhas, aň-düşünje bererin. Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz. Süleýman pähim-paýhasynda bütin gündogarlylardan, bütin müsürlilerden öňe geçdi. Şeýdip, Süleýman patyşa baýlykda, pähim-paýhasda ýer ýüzündäki ähli patyşalardan öňe geçdi. Öz-özüme şeýle diýdim: «Gel, seni lezzet bilen synaýyn, lezzet al». Emma bu-da biderek boldy. Şeýdip, men beýgelip, özümden öň Iýerusalimde bolanlaryň ählisinden ozdum. Paýhasym şonda-da meniň bilendi. Onsoň men öz-özüme: «Akylsyzyň başyna gelen meniň-de başyma geler. Onda akylly bolmagymyň peýdasy näme?» Öz-özüme: «Bu-da biderek» diýdim.
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода