Выбор основного перевода
Открыть комментарий или сравнить с другим переводом
Выбор книги основного перевода
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Параллельные места
Ynsan Günüň astynda çekýän zähmetinden näme peýda tapýar? Onsoň ellerimiň eden ähli işlerine, çeken ähli zähmetime seretdim. Ine, bularyň bary biderekdi, salgyma çapmakdy. Günüň astynda hiç bir peýdaly zat ýokdy. Şonuň üçin durmuşy ýigrendim, çünki Günüň astynda edilýän işler maňa hasrat getirdi. Bary biderek, salgyma çapmak. Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak. Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak. Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr. Bu-da biderek, salgyma çapmak.
Wagyz kitaby
1 2 3 4 5 6 7 8 9 10 11 12
Выбор основного перевода